Alert icon
We're changing our privacy policy. This stuff matters.  Learn more  Dismiss

KIZILBASH GYZYLBAŞ QIZILBASH Khorasan Afghanistan Turcoman (Düýş)

Loading...

Sign in or sign up now!
Alert icon
Upgrade to the latest Flash Player for improved playback performance. Upgrade now or more info.
2,436
Loading...
Alert icon
Sign in or sign up now!
Alert icon

Uploaded by on Mar 6, 2010

TÜRKMEN BINASY

Gurdugym aslynda bilgil, bu zeminiň myhydyr,
Erer ol erkan mydam, budur ki türkmen binasy.

Terki-dünýä eýleýip, gelse rakyplar gaşyna,
Bil, polatdan bina bolgan, budur türkmen galasy.

Süleýman hem Rüstem, Zal, Jemşit oňa bolmuş geda,
Günde ýüz müň salsa leşger, degmez şanyň belasy.

Daglar ondan alar taglym, leşgeri sap-sap durar,
Her salanda zülpükaryn artar ýigitniň höwesi.

Teke, ýomut, ýazyr, gökleň, Ahal ili bir bolup.
Kylsa bir jaýga ýörüişni, açylar gül lälesi.

Külli gyzylbaş baryny atdy dag arkasyna,
Gije-saba ýatmaýyr, geler olarnyň nalasy.

Her ýan gadam ursa saýýat, bolmaýyr olduşgär,
Bendi kylyp alabilmez, düşmez türkmen balasy.

Aryflar dem-dem geler, toýy bardyr her zaman,
Merdi-merdan sözüdir ol, ýokdur köňül hilesi.

Aýdadyr Magtymguly, ýokdur köňülde bir gara,
Hak sylaýyp, kylymyş nazar, bardyr onuň saýasy.
-----------------------------------
DÖKER BOLDUK ÝAŞYMYZ

Istär elden çyka döwlet humaýym,
Doga kylyp, döker bolduk ýaşymyz.
Dilegim duş eýle, gözel allahym,
Ersgin boldy gitdi gyzylbaşymyz.

Hyzyr gezen çölde iller ýaýylsyn,
Ýurt binamyz gaýym bolsun, goýulsyn,
Çille mest nerlerimiz barça aýylsyn,
Bir suprada eda bolsun aşymyz.

Derwüşler köňli jem dursun namaza,
Ýigitler ýygylsyn söhbete-saza,
İlimiz ulaşsyn sowulmaz ýaza,
Togsan dolup, tamam bolsun gyşymyz.

Türkmenler baglasa bir ýere bili,
Gurudan Gulzumy, derýaýy-Nili,
Teke, ýomut, gökleň, ýazyr, alili,
Bir döwlete gulluk etsek bäşimiz.

Magtymguly diýdi jannyň dirligne
Musulmany goýma, käpir horlugna,
Rowaç bergil ýomut, gökleň birligne,
Ol Kemal han owgan bolsun başymyz!


-------------
Ýar senden

Bilbilleri ýesir eden güli-handan
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!
Ýedi yklym maňa görüner zyndan,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

İspendiýar Ruinten, Rüstem Zalynda,
Şam, Nejefde, Mekke, Dymşyk ilinde,
Arzy Karsda, Kerbelanyň çölünde,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Şerap içip, serhoş bolup, segresem,
Ganym janyn gyýym-gyýym dograsam,
Görogly dek dagdan-daga ugrasam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Bir gül kokar gözel ýaryň bagynda,
Bilbil hüjüm eýlär sol-u sagynda,
Beýtullanyň Safa, Merve dagynda,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Şyh Sengan deý uzyn gaýga ulansam,
Şibli kimin toz-topraga bulansam,
Käbä baryp, ýedi keret dolansam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Ýusup kibi zyndan içre aglasam,
Jirjis kibi jan ýolunda çaglasam,
Ýunus kibi haka gulluk baglasam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Doga kylyp, elim göge galdyrsam,
Gül, Ferhar dek gyzyl meňzim soldursam,
Gopuz alyp, beýik nagra çaldyrsam,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

İsa kibi hylwat tutsam semada,
İdris kibi gulluk etsem zyýada,
Hyzyr, Ylýas kibi girsem zulmada,
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

Magtymguly, aşyklaryň mestinde,
Hyra gözi haýran olar dostunda,
Ýedi ýerde, dokuz pelek üstünde
Ýa, reb, habar bilerinmi, ýar, senden!

  • likes, 0 dislikes

Link to this comment:

Share to:

Uploader Comments (Qizilbashkhorasani)

  • GYMMAT ÝAGŞYDYR

    Söwdagärlik kylylp bazar gezenden,

    Alsam nesihatym, gymmat ýagşydyr.

    Hatam bolup, günde gyzyl berenden,

    Köňülde edilen hümmet ýagşydyr.

  • Bir mert ýagşy muhannesiň ýüzünden, Söweş güni sanjar ganym gözünden, Her kim tapylmasa aýdan sözünden, Dine müňkür bolan ýezit ýagşydyr. Haýr işin terk edip, bet iş yzlandan, Dost bolup, dostundan syryn gizländen, Hudany unudyp, ýalan sözländen Läkin, lal oturyp, dymmak ýagşydyr. Kadyr eýäm jismimizi bar eden, Biakyldyr hak işine ar eden, Bimahal salyngan bozuk köprüden, Jähennem üstünde syrat ýagşydyr.
  • Bäş wagty berjaý kyl, musulman bolsaň, Bilip ahyrýetiň, gamyny iýseň, Janyň barlygynda haýyr gazansaň, Rahat ýatjak ýeriň kümmet ýagşydyr. Söz magnysy çykar bir ýagşy jaýdan, Bihabarlar aýra düşer hudaýdan, Bäş wagty bilmegen bihabar baýdan, Ärsiz, pirsiz loly arwat ýagşydyr. Magtymguly, gördüň ýagşy-ýamany, Ýalançynyň bolmaz anty-imany, Bir ak öýe barsaň, almaz myhmany, Her kimiň öz ili ymmat ýagşydyr.
see all

All Comments (9)

Sign In or Sign Up now to post a comment!
  • @derebey07sacma sacma sen danisirsan Qizilbaslar Azerbaycanda devlet kurdular Azerbaycan icin vurusdular Azeri dilinde konusurdular siyiliyi yayirdilar...su andaki batil inaclarivi yok heqiqi aleviliyi samanlig sizde...qizilbaslarda samanlig olmamisdi...Qizilbaslarin boyuk bir hissesi Urmiyada Tebrizde Zencanda Borcali Qarabag ellerinde...anadoluda ise 15% qizilbas var o daki senin kimi cahiller kufre varmis samanlar Allahin yolunu tutmayan cahiller yezid balasi hedda danisdigin dilde Yezidin

  • @Ziya6383 tam tersi gerizekalı cahil herif.azerbaycanlılarla ne ilgisi var aleviliğin.hakiki anadolulu ve oğuz türkleridir aleviler.saçmasapan cahil cahil ezbere şeyler yazmayın,alevi inanç önderlerinden 1 tane bile azeri yok içlerinde.sen şimdi diyeceksin ki şah ismail ne..tamam o azeri ama alevi değil şii şah ismail.

  • mende Khorasanlıyam. ataların hep Khorasanlıdır, orada gelmişler Türkiye'ye

    Horasanlı hemşerilerle tanışmak isterem!

  • QIZILBASLAR-------AZERBAYCANLI­LARDI SIZIN TARIHINIZ AZERBAYCAN 

  • iste gercekler turkmen alevileri .helal

Loading...

Alert icon
0 / 00Unsaved Playlist Return to active list
    1. Your queue is empty. Add videos to your queue using this button:
      or sign in to load a different list.
    Loading...Loading...Saving...
    • Clear all videos from this list
    • Learn more